Philips GC5039/30R1 Steam Iron with OptimalTEMP technology - Refurbished

User manual - Page 128

For GC5039/30R1.

PDF File Manual, 138 pages, Read Online | Download pdf file

GC5039/30R1 photo
Loading ...
Loading ...
Loading ...
Ütükläpbolýanmatalar
1 Geýimdäki tagmany okamak arkaly matanyň ütüklenmäge degişlidigini barlaň (Şekil 1-3).
Ütüklenmäge degişli däl matalary ütüklemäň. Geýimlere çap edilen zatlary hem ütüklemek bolmaýar.
Bugsazlamalary
1 Bug sazlamalaryny üýtgetmek üçin ütügi çalaja egiň (takmynan 20 gradus we has köp) we tutawajyň
depesindäki bug düwmesine basyň (Şekil 1-5)
Bellik: Ähli bug sazlamalary OptimalTEMP tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan bolup, olary ütüklenmäge
degişli ähli matalarda ulanmak howpsuzdyr.
-
( sazlamasy) (Şekil 1-6): datçigi tarapyndan işledilýär, ütük hereket edýän wagty zerur
mukdarda bug öndürilýär. Ütük hereketsiz wagty ýa-da dikligine ýerleşdirileninde buguň berilmegi
kesilýär.
Ähli matalarda iň ýokary derejede ýeňillik üçin sazlamasyny ulanmak maslahat berilýär.
-
(MAX sazlamasy) (Şekil 1-7): aýrylmasy kyn ýygyrtlar üçin aňryçäk möçberde bug üznüksiz
berilýär. Pagta, jinsi we çit ýaly gaty matalarda iň oňat netijäni almak üçin MAX sazlamasyny ulanmak
maslahat berilýär. Ütük dikligine ýerleşdirileninde buguň berilmegi kesilýär.
-
(ECO sazlamasy) (diňe belli görnüşler) (Şekil 1-8): az ýygyrtly geýimler üçin iň pes möçberde bug
üznüksiz berilýär. Bu sazlamada energiýa hem tygşytlanýar. Ütük dikligine ýerleşdirileninde buguň
berilmegi kesilýär.
- (ion sazlamasy) (diňe belli görnüşler) (Şekil 1-9): has arassa görnüşde ütüklemek üçin çuňňur we
güýçli ionly bug urgylary berilýär.
- (bug öçürilen sazlamasy) (Şekil 1-10): bugsuz ütüklemek üçin şu sazlamany saýlaň.
Peýdaly maslahat: Islendik bug sazlamasynda ütükleýän wagtyňyz has köp bug üçin bug düwmesini basyp
bilersiňiz.
Awto-öçürmek
Enjam öz dabanynyň üstünde durka 2 minutlap ulanylmasa ýa-da arka plastinasynyň üstünde durka 8
minutlap ulanylmasa, howpsuzlyk üçin awto-öçürmek funksiýasy enjamy awtomatik usulda öçürýär.
Enjamyň awto-öçüriş ýagdaýyndadygyny görkezmek üçin displeý paneli ýanyp-öçýär.
Enjamyň gaýtadan gyzmagy üçin ony ýerinden göteriň ýa-da çalaja süýşüriň. Displeý paneli ýanýar we enjam
gyzyp başlaýar.
Arassalamak we abatlamak
Ütügi arassalamak we abatlamak barada goşmaça maglumat üçin şu baglanyşykdaky wideolara serediň :
http://www.philips.com/descaling-iron.
Ütügiňdabanynyarassalamak
1 Enjamyň dürtgüjini rozetkadan aýryň we sowamagy üçin maý beriň.
2 Suw gabynda galan suwy döküň.
3 Ütügiň dabanynda galan übtükleri we islendik beýleki galyndylary çygly mata we iýiji däl (suwuk)
arassaçylyk serişdesi bilen süpürip aýryň.
Seresap boluň: Ütügiň dabanyny tekiz saklamak üçin onuň gaty metal närseler bilen galtaşmagynyň öňüni
alyň. Ütügiň dabanyny arassalamak üçin hiç haçan gazaw, sirke ýa-da beýleki himikatlary ulanmaň.
132
TÜRKMENÇE
Loading ...
Loading ...
Loading ...