Philips GC5039/30R1 Steam Iron with OptimalTEMP technology - Refurbished

User manual - Page 127

For GC5039/30R1.

PDF File Manual, 138 pages, Read Online | Download pdf file

GC5039/30R1 photo
Loading ...
Loading ...
Loading ...
Giriş
Satyn almagyňyz bilen gutlaýarys we Philips dünýäsine hoş geldiňiz! Philips tarapyndan hödürlenilýän
goldawdan doly peýdalanmak üçin önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda bellige aldyryň.
Enjamy ulanmazdan öň şu ulanyjy gollanmasyny we möhüm maglumat kagyzyny okaň. Olary geljekde
gollanmak üçin saklaň.
Önüme umumy syn
1 Suw gabynyň gapagy
2 Displeý paneli
3 Bug düwmesi
4 Calc-Clean / Quick Calc Release ýatladyjy çyrasy
5 Güýçli bug goýberiji
6 Elektrik kabeli
7 Kabeli saramak
8 Calc-Clean düwmesi (diňe belli görnüşler)
9 Ütügiň dabany
10 Quick Calc Release (diňe belli görnüşler)
Philips tarapyndan aýratyn tehnologiýa
OptimalTEMPtehnologiýasy
OptimalTEMP tehnologiýasy ütügiň temperaturasyny düzmezden we geýimleri sortlamazdan islendik
görnüşli matalary islendik tertipde ütüklemäge mümkinçilik berýär.
Gyzgyn ütügiň dabanyny ütügiň platformasyna goýmazdan gönüden-göni ütük tagtasynda goýmak
howpsuz bolup durýar. Şeýle etmeklik siziň bilegiňize düşýän agramy azaltmaga ýardam berýär.
datçigi
Bu enjam iň kämil
datçigini ulanýar, ol birkemsiz netijeler üçin ütügiňiziň hereketlerini takyk
anyklaýar we akylly bug goýbermegi ýerine ýetirýär. Kämil datçigimiz ütügiňiziň nähili hereket
edýändigini we haçan-da ol hereketsiz duranynda, muny takyk bilýär. tertibine geçirmeklik
ýeterlik, şonda ýygyrtlary has çalt aýyrmaly bolanyňyzda hemişe buguň edil zerur bolan möçberi berler.
Turbobugnasosy
Matalara gönüden-göni 50% çenli has köp bug bermek üçin şu enjama turbo bug nasosyny goşduk,
şeýlelikde ýygyrtlar has çalt aýrylýar.
Enjamy ulanmak
Bellik: Birinji gezek ulananyňyzda ütükden birneme tüsse çykmagy mümkin. Bu gysga wagtdan soň
ýitirim bolar
Ulanylmalysuwuňgörnüşi
Enjamyňyz şäheriň suw ulgamyndan alnan suw bilen işlemäge niýetlenilen. Emma, ýaşaýan sebitiňizdäki
suw talh bolsa, enjamda gysga wagtda galyndylaryň toplanmagy mümkin. Şol sebäpli, enjamyňyzyň
hyzmat ediş ömrüni uzaltmak üçin distillirlenen ýa-da mineralsyzlaşdyrylan suwy ulanmak maslahat
berilýär.
Ys berijili suw, guradyjy enjamdan çykan suw, sirke, krahmal, galyndyny aýyrýan serişdeler, ütük
etmekde kömekçiler, himiki taýdan galyndysy aýrylan suw ýa-da başga himikatlary ulanmaň, sebäbi
olar suwuň dammagyna, goňur tegmillere ýa-da enjamyňyza zeper ýetmegine sebäp bolup biler.
131
TÜRKMENÇE
Loading ...
Loading ...
Loading ...